icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 iýun 2024

1783

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussein bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderine Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň we ýurduň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň soňky ýyllarda täze ösüşe eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyndaky saldamly şahsy goşandy nygtaldy.

Jenap Rana Tanwir Husseiniň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan durmuşyň ähli ulgamlarynda uly üstünliklere eýe boldy. Täze Arkadag şäheri munuň aýdyň güwäsidir. Bu şäheri döretmek başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Pakistanyň ýokary ýolbaşçylaryna mähirli salamyny beýan edip, halklarymyzyň taryhy-medeni umumylygyna esaslanýan we dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Gahryman Arkadagymyz bular barada aýtmak bilen, myhmanyň şu gezekki saparynyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň netijeli häsiýete eýe boljakdygyna hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürjekdigine, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Pakistan Yslam Respublikasy Günorta Aziýa sebitinde Türkmenistanyň iň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Türkmen-pakistan gatnaşyklary özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz we myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady ulgam hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Sebitde bilelikdäki energetika we kommunikasiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilişine, hususan-da, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we elektrik geçirijisiniň taslamalary uly ähmiýete eýedir.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussein iki ýurduň umumy abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga çalyşýandygyny tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi