icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

27 iýun 2024

1468

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministrini kabul etdi

2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güleri kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Türkiýede ýurdumyz bilen köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gatnaşyklar bilelikdäki tagallalar arkaly ýyldan-ýyla anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, doganlyk döwletiň Liderine mähirli salamyny beýan etdi hem-de Türkiýe Respublikasy bilen strategik, uzak möhletleýin gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň gün tertibinde hemişe ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň milli goranmak ministriniň Aşgabada iş saparynyň ähmiýetine ünsi çekip, geçiriljek gepleşikleriň we duşuşyklaryň bu ulgamda türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hem-de Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar.

Goranmak we harby ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi aýratyn bellenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtady.

Türkmen Watan goragçylary hünärlerini kämilleşdirmek we harby işiň öňdebaryjy usullaryny öwrenmek boýunça Türkiýe Respublikasynda geçirilýän okuwlara gatnaşýarlar. Şeýle hem milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ulgamynda yzygiderli ýagdaýda tejribe alşylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz we myhman bu ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri iki doganlyk ýurduň we sebitiň abadançylygynyň, parahatçylygynyň bähbidine däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Şol bir gün Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi