icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

27 iýun 2024

1498

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler bilen duşuşyk geçirdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkiýede daşary syýasatyny oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda amala aşyrýan Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, goranmak ministriniň şu gezekki saparynyň hem-de onuň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda myhman Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň netijeli döwletara dialogy ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, sebit we halkara guramalaryň, şol sanda TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny belledi.

Ýaşar Güler Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagynyň bütin türk halky üçin aýratyn buýsançly waka bolandygyny, onuň ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň nyşanyna öwrülendigini belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin iň ýakyn dost-doganlyk döwlet bolup durýandygyny, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedigini belledi.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkiýe biziň ýurdumyzyň ähmiýetli söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Ýangyç-energetika toplumy, ulag-kommunikasiýa pudagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina esasynda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işleri amala aşyrýandygyny aýtdy.

Türkiýe goranmak senagaty babatda dünýäde öňdebaryjy döwletleriň hataryna girýär. Köp ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyzyň arasynda harby ulgamda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri türk tarapynyň netijeli tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri iki döwletiň doganlyk halklarynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge üýtgewsiz ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi