icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 iýun 2024

1260

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe we kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen duşuşdy.

Milli Liderimiz myhmanlary mübärekläp, şu saparyň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary, hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Ýaponiýa Aziýa - Ýuwaş umman sebitinde Türkmenistanyň uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşy bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtlarymyz diňe ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde-de işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.

 “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasy bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirildi. Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody, Mary welaýatyndaky karbamid zawodyny we Keletedäki sement zawodyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.

Gurlan desgalary doly güýjünde işletmek bilen bir hatarda, Türkmenistanyň tebigy gazy çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça meýilnamalaryny göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin siziň bu ugurdaky anyk teklipleriňize seretmäge taýýardyrys diýip, Milli Liderimiz aýtdy we “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Öz nobatynda, işewürler wekilçilik edýän kompaniýasynyň ýurdumyz bilen uzak möhletleýin esasda hyzmatdaşlyk edýändigini nygtap, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändigini hem-de türkmen hyzmatdaşlaryna öz tejribesini, iň täze tehnologik işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýardygyny bellediler. Işewürligi ilerletmek üçin türkmen bazarynda has oňaýly şertler döredildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow işewürlere türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşýan şahsy goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi