2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wan bilen duşuşdy.
Gahryman Arkadagymyz myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, bu saparyň hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Aziýa - Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda dünýäniň ösen döwletleriniň biri bolan Koreýa Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.
Umumy pikire görä, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň golaýda Türkmenistana amala aşyran döwlet sapary döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy. Şol saparyň çäklerinde möhüm ylalaşyklar gazanyldy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen resminamalaryň ençemesine gol çekildi.
Türkmenistan milli ykdysadyýeti düýpli döwrebaplaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler strategiýasyny durmuşa geçirip, öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalary hem-de daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini ornaşdyrmaga aýratyn üns berýär.
Koreý Lideriniň saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen Türkmen-koreý işewürlik maslahatynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşylandygy hem tötänden däldir.
Foruma gatnaşanlar köpýyllyk gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirip, bilelikdäki işiň geljegi uly ugurlarynyň birnäçesini kesgitlediler. Şolaryň hatarynda nebit we gazhimiýa, energetika ulgamlary, ulag-kommunikasiýa toplumy, logistika, gämigurluşyk, senagat, gurluşyk we infrastruktura, oba hojalygy, innowasion, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly ugurlar bar.
Bu pudaklar bilen bir hatarda, koreý kompaniýalary Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň gurluşygyna, giň gerimli “Aşgabat-siti” taslamasyny durmuşa geçirmäge, milli we sebit ähmiýetli beýleki möhüm taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmaga aýratyn gyzyklanma bildirýärler.
Şunda ýurdumyzda täze gurulýan desgalaryň netijeliligine, ekologik kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýändigi nygtaldy. Şeýle-de ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga, daşary ýurt maýasynyň çekilmegine uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.