icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

28 iýun 2024

1294

HHR-iň DIM-niň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk barada

2024-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýong bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara we sebit gün tertibiniň möhüm taraplaryna seredildi.

Taraplar şu ýyl Türkmenistanda geçiriljek Owganystanyň goňşy döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň 5-nji duşuşygyna taýýarlyk işleriniň gidişi barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary öz çykyşynda Türkmenistanyň Owganystandaky durnuklylygyny saklamak üçin köptaraplaýyn halkara düzümlerini goňşy ýurduň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň durnukly dikeldilmegini we ösmegini höweslendirmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Hytaýyň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip, Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmegi üçin doly goldaw bermegi dowam etdirjekdiklerini tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi