icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

28 iýun 2024

1265

Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze ýolbaşçysy bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze ýolbaşçysy Jalpa Ratna bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda myhmany ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, M.Bäşimowa oňa ýurdumyzyň bu halkara düzümi bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen işinde üstünlikleri we täze sepgitleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge ylalaşdylar.

2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ÝUNISEF-iň Ýurt boýunça maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşyldy, bu resminamada çagalaryň bähbidi üçin dolandyryş, çaganyň saglygy, onuň iýmitlenmegi we irki ösüşi, çagalaryň durmuş goraglylygy we ýokary hilli inklýuziw bilim ýaly meseleler ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenilen.

Taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň we ileri tutulýan ugurlarda geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ýollaryna garadylar.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda ähli tagallalary etmäge taýýardygyny belledi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi