icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

01 iýul 2024

1371

Nikaraguanyň Türkmenistandaky ilkinji Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Nikaraguanyň Türkmenistana bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Tatýana Daniella Garsiýa Silwanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Taraplar türkmen-nikaragua gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler we şol sanda syýasy, söwda-ykdysady ugurlarda özara bähbitli ikitaraplaýyn dialogy ösdürmäge özara gyzyklanmany tassykladylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy resminamalarynyň işlenip düzülmegine aýratyn üns berildi.

Halkara guramalary, hususan-da BMG boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerinde taraplar halkara düzümlerde ýurtlaryň başlangyçlaryny özara goldamaga ylalaşdylar.

Parlamentara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek maksady bilen Türkmen-nikaragua parlamentara dostluk toparyny döretmek teklip edildi.

Medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlarynda bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek boýunça özara gyzyklanma aýratyn bellendi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi