icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 iýul 2024

1164

Türkmenistanda Nikaragua Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

2024-nji ýylyň 1-nji iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Nikaragua Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Tatýana Daniela Garsiýa Silwadan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki döwletiň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Öz gezeginde, diplomat hoşniýetli arzuwlar hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, Nikaragua Respublikasynyň Prezidenti Daniel Ortega Saawedranyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Ilçi parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we oňyn başlangyçlary bilen ýokary halkara abraýa eýe bolan döwletde ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň barşynda Nikaragua Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy.

Ilçi milli parlamentiň düzümi we onuň köpugurly işi, hususan-da, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.

Şunuň bilen baglylykda, kanun çykaryjylyk ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirildi. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda döredilen Durnukly ulag boýunça dostlar toparyna Nikaragua Respublikasynyň goşulandygy aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Nikaragua Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Tatýana Daniela Garsiýa Silwa öz tarapyndan däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli çuňlaşdyrmak we hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi