26 iýul 2024
7051
Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşlik barada
2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Mongoliýanyň Daşary işler ministri hanym Batseseg Batmunhiýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler Mongoliýanyň Prezidenti Uhnagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana amala aşyrjak ilkinji döwlet saparyna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berdiler.
Başga habarlar
28
Okt
Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
28
Okt
Türkmenistanyň Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
28
Okt
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28
Okt
Eýranyň Daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
28
Okt
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
Ähli habarlary görmek