2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Fazal Muhammed Sabire onuň Owganystanyň Türkmenistandaky Işeri wagtlaýyn ynanylan wekildigini tassyklaýan resminamany gowşurdy.
Owgan diplomaty birnäçe ýyllaryň dowamynda Aşgabatda öz ýurduna wekilçilik edýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki doganlyk döwletiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini bellediler. Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri göwrümli halkara energetika, ulag we infrastruktura taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyna garaldy.
Munuň özi ilkinji nobatda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TAPI) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasy, Türkmenistan–Owganystan–Päkistan (TAP) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, şeýle hem Türkmenistandan Owganystana çenli demir ýolunyň gurluşygydyr.