icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

29 iýul 2024

129

Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda söhbetdeşlik geçirildi

2024-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Iň ýokary döwlet derejesinde özara saparlar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem dürli derejelerdäki syýasy geňeşmeleriň ähmiýeti nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde, taraplar iki ýurtda geçirilýän çärelere ýokary derejeli wekiliýetleriň gatnaşmagynyň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.

Söhbetdeşligiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary halkara meýdançalarynda alnyp barylýan konstruktiw özara gatnaşyklary nazara almak bilen, Türkmenistan hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi