2017-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017” (OGT — 2017) atly ХХII Halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ony “Türkmennebit” döwlet konserni we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilelikde guraýar.
Iri nebitgaz forumyna alymlar we bilermenler, hökümet düzümleriniň hem-de iri guramalaryň, dünýäniň öňdebaryjy ýangyç-energetika kompaniýalarynyň we ýurdumyzyň ugurdaş pudak edaralarynyň, şeýle hem türkmen we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.
Şu ýyl Sergi merkezinde dünýäniň 16 döwletinden kompaniýalarynyň 40-a golaýy, şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleri öz diwarlyklaryny ýerleşdirdiler.
Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, nebitgaz pudagynyň hünärmenleri, daşary ýurtly myhmanlar we beýlekiler gatnaşdylar.
Forumyň çäklerinde geçirilýän maslahata dünýäniň 40 töweregi döwletinden 164 halkara we hökümet guramalaryna, şol sanda şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk edýän Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalaryna, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine wekilçilik edýän 500-e golaý wekil hem-de diplomatik wekilhanalaryň işgärleri gatnaşýar. Wekiliýetleriň köpüsiniň hatarynda degişli döwlet düzümlerine baştutanlyk edýän ýokary wezipeli resmi adamlar bar.
Forumda umumy we bölümler boýunça mejlisler geçirildi, olaryň dowamynda halkara, sebit we ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ösüşiniň mümkinçilikleri — geljegiň strategiýasyny kemala getirmek ýaly möhüm meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi we ara alyp maslahatlaşyldy, şeýle hem nebitgazy gaýtadan işlemegiň we nebitgaz senagatyň geljekki ugurlary, uglewodorod serişdelerini ibermegiň strategiýasy seljerildi.
3-nji noýabrda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017” atly halkara maslahat öz işini dowam eder.
Meýilleşdirilen duşuşyklaryň, gepleşikleriň we pikiralyşmalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzüm bölekleriniň ýolbaşçylary we olaryň geljekki hyzmatdaşlary türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegine we strategiki ugurlaryna degişli gyzyklanma bildirilýän ähli meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.
Forum 4-nji noýabrda öz işini tamamlar.