icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

31 iýul 2024

115

Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi

2024-nji ýylyň 30-njy iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu saparyň dowamynda geçiriljek duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Iri halkara guramanyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň oýlanyşykly daşary syýasy ugruna ýokary baha berdi. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýar.

Pursatdan peýdalanyp, myhman halkara giňişlikde Türkmenistana uly abraý getiren parahatçylyk söýüjilikli syýasatyň başyny başlan türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny, ähli türkmenistanlylara bagtyýarlyk, abadançylyk, ýurduň saýlap alan ýolunda täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň dowamynda umumy bähbitlere laýyk gelýän däp bolan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň BMG-niň howandarlygynda parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky başlangyçlaryny ähli tarapdan goldaýar. Biziň ýurdumyz ýaragsyzlanmagy, köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ýaýratmazlygy, ählumumy ýadro howpsuzlygyny üpjün etmegiň tarapdary bolup çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygy, Ýadro ýaraglarynyň synaglarynyň ählumumy gadagan edilmegi, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda möhüm şertnamalara gatnaşmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselesine degip geçmek bilen, seýsmologiýa we monitoring ugurlarynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler.

Biz, öz gezegimizde, dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge ygrarly bolmak bilen, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähli goldawy bermäge taýýardyrys diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow duşuşygyň ahyrynda nygtady we guramanyň Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýda berk jan saglyk, işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi