2024-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Elizabet Rud bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Ilçi Elizabet Rud Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowa ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly häsiýetine ünsi çekdiler. Syýasy-diplomatik gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine, şeýle hem medeni-ynsanperwer çygyrda häzirki we geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garaldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ilçi Elizabet Ruda jogapkärçilikli diplomatik wezipesinde üstünlik arzuw etdi.