icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

01 awgust 2024

122

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi

2024-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek duşuşyklardyr geňeşmeleriň netijeli boljakdygyna we iki ýurduň energetika ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi, döwletara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, Türkiýede Türkmenistan bilen giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, doganlyk döwletiň Baştutanyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de köpasyrlyk türkmen-türk gatnaşyklarynyň bu gün baý tejribä eýedigini, munuň bolsa syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ileri tutulýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin berk binýat bolup durýandygyny belledi.

Köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda söwda-ykdysady ulgama aýratyn orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň tebigy serişdelere baý ýurtlaryň biridigini we Türkiýe bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen gazynyň doganlyk Türkiýe Respublikasyna, soňra Ýewropa ýurtlaryna iberilmegi möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň martynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama hem-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilendigi nygtaldy. Bu resminamalar nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin möhüm hukuk binýady bolup hyzmat edýär.

Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen kenarynda utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy dowam edýär. Onuň işe girizilmegi türkmen elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, ýokarda ady agzalan ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz türk tarapynyň tekliplerine garamaga hem-de netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda strategik döwletara hyzmatdaşlygyň iki doganlyk ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň ýolbaşçylygynda Türkmenistana gelen wekiliýet meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň Energetika ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Olarda ýangyç-energetika, elektroenergetika ýaly pudaklarda iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň geljekki mümkinçilikleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi