icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

10 awgust 2024

1922

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Astana şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de ony ýokary sylag –  Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagy bilen gutlady.

Duşuşygyň barşynda Prezidentler ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine daýanýan däp bolan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeliligini kanagatlanma bildirdiler.

Döwlet baştutanlary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we ony ösdürmegiň geljegine garap geçdiler. Ykdysadyýet, söwda, ulag we beýleki möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Medeni gatnaşyklar gepleşikleriň aýratyn ugry boldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň şu ýyl Türkmenistanda Özbegistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge taýýardygyny beýan etdi.

Şawkat Mirziýoýew şu ýylyň başynda beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny Özbegistanda giňden bellemek hakynda Karara gol çekendigini aýdyp, Magtymguly Pyragynyň diňe bir türki halklaryň däl, eýsem, tutuş dünýä edebiýatynyň we medeniýetiniň taryhynda hem aýratyn orun eýeleýändigini belledi.

Prezident Şawkat Mirziýew Türkmenistanyň Prezidentini hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Özbegistana gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi