2024-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň aýry-aýry meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen ýola goýlan gatnaşyklara örän ýokary baha berýändigini we bu gatnaşyklary ähli ileri tutulýan ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.
Şunda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň diňe ikitaraplaýyn esasda däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.
Ýaponiýanyň Premýer-ministri hem ýola goýlan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, iki ýurduň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary ösdürmegiň we halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-ýapon gatnaşyklarynda söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidigi bellenildi.
Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk we jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.