icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 awgust 2024

281

Türkmenistan bilen Seýşel Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda Birleşen Arap Emirliklerindäki Türkmenistanyň Ilçihanasynyň binasynda «Türkmenistan bilen Seýşel Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama» gol çekişlik dabarasy geçirildi.

Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Serdarmämmet Garajaýew bilen BAE-däki Seýşel Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Žerwe Mumunyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklary giňeltmegiň hem-de söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Ilçiler medeniýet, ylym we bilim ugurlarynda Türkmenistan bilen Seýşel Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meselelerine garadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi