2024-nji ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sok Çeanyň (oturýan ýeri Ankara ş.) arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik gepleşikleri ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, halkara we sebit formatlaryndaky, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini belläp geçdiler. Iki ýurduň parlamentleriniň arasynda özara gatnaşyklary ýola goýmagyň meselelerine hem garaldy.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, hususan-da, bilelikdäki işewür forumlaryny we sergileri guramak arkaly ýola goýmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirdiler. Ylym, bilim, medeniýet we syýahatçylyk ugurlarynda tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy we jogapkärli wezipä bellenmegi bilen bagly türkmen tarapynyň gutlag sözlerini minnetdarlyk bilen kabul etdi.