2024-nji ýylyň 26-njy awgustynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Sok Çeadan ynanç hatyny kabul etdi.
Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan jenap Sok Çeany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Kambojanyň Ilçisi ýokary ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçi Mejlisiň düzümi we alyp barýan işi, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmekdäki orny bilen tanyşdyryldy.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar parlament ugry boýunça Türkmenistan bilen Kamboja Patyşalygynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garadylar.
Ilçi Sok Çea öz gezeginde däp bolan dostlukly, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.