2024-nji ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Dragon Oil» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi.
Saýed Al Taýer wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, eýsem halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň çäginde durnukly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Ýangyç-energetika pudagynda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynda BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini we ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistanyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň «Dragon Oil» kompaniýasynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny belledi.
Saýed Al Taýer bildirilýän ynam üçin hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.