icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 awgust 2024

145

Mejlisiň Başlygynyň Somali Federatiw Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşygy barada

2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Fathudin Ali Mohamed bilen duşuşygy geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatyny türkmen tarapyna gowşurdy.

Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady.

Ilçi Fathudin Ali Mohamed Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Somaliniň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň barşynda diplomat dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleriniň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegi maksat edinýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem Ilçä Türkmenistanyň Mejlisiniň işi barada gürrüň berildi.

Ilçi Fathudin Ali Mohamed türkmen tarapyna mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda Somali Federatiw Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi