icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

03 sentýabr 2024

107

Türkmenistan «Rönesans Holding» türk kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirýär

2024-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşygy geçirildi.

Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň gurluşygynyň «Rönesans Holdinge» ynanylmagynyň bu kompaniýa üçin uly mertebedigini belledi.

Bu toplumyň açylyş dabarasy ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi.

Soňra Erman Ylyjak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna  mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkiýäniň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Şeýle hem taraplar kompaniýanyň Türkmenistandaky köpýyllyk iş tejribesini hasaba almak bilen,  şäher gurluşygy, nebit-gaz we himiýa senagaty ýaly pudaklarda häzirki wagtdaky we geljekki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Işewür bildirilen uly ynam üçin sagbolsun aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň ähmiýetine üns çekildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi