2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmak departamentiniň direktory Maika Oşikawanyň ýolbaşçylygyndaky BSG-niň wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BSG-ä agza bolmagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň BSG-ä agza bolmagy üçin taýýarlyk çärelerini geçirmegi bilen baglanyşykly wezipeleriň amala aşyrylyşy boýunça meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýurdumyz häzirki wagtda Daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany taýýarlamak boýunça netijeli içerki işleri alyp barýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň BSG-a agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Pudagara Hökümet toparynyň yzygiderli işi hem bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen BSG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi bilen baglanyşykly ileri tutulýan meseleler boýunça pikir alyşdylar.