icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 sentýabr 2024

3245

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi

2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forumyň gün tertibine döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri girizildi.

Bu taryhy mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän döwlet häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, mähriban eneler, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden jemgyýetçilik wekilleri, beýleki çagyrylan adamlar gatnaşýarlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnananlara ýüzlenip, bu maslahatyň ähmiýetini belledi. Şu ýyl biz şygyrlary dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belleýäris diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu gün ykbalyny halkyň ykbaly bilen berk baglan akyldaryň arzuw eden zamanasynyň gelendigini buýsanç bilen nygtady.

Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda tutumly işleriň durmuşa geçirilýändigi nygtaldy. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde geçilen taryhy menzillere göz aýlamak, öňde durýan wezipeleri kesgitläp, Garaşsyz döwletimiziň üstünliklerini berkitmek esasy maksatdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyş edip, beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Garaşsyz Türkmenistanyň geçen şöhratly ýoluny, demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, täze döwrüň amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýändigini nygtady. Şoňa görä-de, şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmek teklip edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow durmuşa geçirilýän syýasatyň ykdysady ugruna degip geçip, kabul edilen maksatnamalaryň çäklerinde Aşgabat we Arkadag şäherleriniň daş-töwereklerinde, welaýatlarda tokaý zolaklarynyň, Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmeginiň, Garagumuň merkezinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagynyň, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan beýleki işleriň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, şäherdir obalarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek meselesine uly ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýändigine ünsi çekdi.

Soňra umumymilli foruma gatnaşyjylara söz berildi. Çykyş edenler bu maslahatyň dowamynda kabul edilen çözgütleriň ýurduň mundan beýläk-de ösmegine güýçli itergi berjekdigini bellediler.

Soňra gysga wagtlyk arakesme yglan edildi. Arakesmeden soňra, Halk Maslahatynyň mejlisi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda öz işini dowam etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary we ähli watandaşlarymyzy mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen garşy alýarys diýip belledi hem-de hemmeleri bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Biziň esasy maksadymyz Türkmenistany beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, ähli tagallalarymyzy döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmelidiris diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri geljek ýylda-da üstünlikli ýerine ýetirmek üçin «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» işläp taýýarlamagy hem-de ony Halk Maslahatyna hödürlemegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny öz içine aldy.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentinden zähmetde gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan ýurdumyzyň raýatlaryny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekmegi haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda degişli resminamalara gol çekdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly adyna mynasyp bolan ýaşuly nesliň wekillerine hem-de dürli ulgamlarda çeken asylly zähmeti, ýaşlary watançylyk, halkymyzyň belent ruhy-ahlak gymmatlyklary ruhunda terbiýeländikleri üçin «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolanlara sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurýar.

Hormatly ýaşulular, mähriban eneler mynasyp bolan sylaglaryny buýsanç duýgusy bilen kabul edip, zähmetine berlen ýokary baha, mähriban halkymyzyň abadan durmuşy barada edilýän ýadawsyz aladalar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ada mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Önümçilik-ylmy tohumçylyk assosiasiýasynyň prezidenti, GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy, oba hojalyk ylymlarynyň doktory, akademik I.I.Kuzmine, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi A.S.Nurmuhammedowa we meşhur heýkeltaraş, Türkmenistanyň halk suratkeşi S.Babaýewe döwletimiziň iň ýokary sylagyny dabaraly ýagdaýda gowşurýar.

Akademik I.Kuzmin ýokary sylag üçin sagbolsun aýdyp, häzirki wagtda okgunly ösýän Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine haýran galýandygyny belledi.

«Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent ada mynasyp bolan A.S.Nurmuhammedowa we S.Babaýew hem, öz nobatlarynda, döwlet Baştutanymyza ägirt uly hormat-sarpasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, zähmetine berlen şeýle ýokary bahanyň olary mundan beýläk-de tutanýerli işlemäge ruhlandyrýandygyny, hemmetaraplaýyn ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistana söýgüsini, buýsanjyny has-da artdyrýandygyny nygtadylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlise gatnaşyjylara jemleýji söz bilen ýüzlenip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde örän möhüm soraglaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny hem-de Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, geljekde öňde durýan wezipeleriň kesgitlenendigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan durmuş, döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi