2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.
Myhman bildirilen myhmansöýerlik we mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen gutlady.
Igor Bukato Türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine kuwwatly itergi beren giň möçberli özgertmeleriň ýokary derejesini belläp, ýola goýlan hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigine tüýs ýürekden buýsanýandygyny nygtady. Şonuň bilen birlikde, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek babatda netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli gutlaglar we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň ykdysady ösüşde meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň innowasion işläp taýýarlamalaryny çekmäge aýratyn üns berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany “Wozroždeniýe” kompaniýasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny kanagatlanma bilen belläp, soňky ýyllarda köpugurly iş alyp barýan holdingiň özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezendigini aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmäge, gurluşyk hem-de senagat kuwwatyny artdyrmaga uly goşant goşýandygy nygtaldy.
Döwlet Baştutany şu ýyl Türkmenistanda Gündogaryň beýik akyldary we türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden baýram edilýändigini belledi. Şu ýylyň maýynda paýtagtymyzda “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Şunuň bilen baglylykda, toplumyň çäginde bezeg işlerini ýerine ýetiren “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň uly goşandy bellenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda daşary ýurtly işewürleriň netijeli işlemegi üçin amatly şertleriň döredilendigini nazara almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny we türkmen tarapynyň russiýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda Igor Bukato döwlet Baştutanyna netijeli söhbetdeşlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň özüne bildirilen ynama ýokary baha berýändigini aýtdy we üstüne alan borçnamalaryny doly berjaý etmekde ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.