2017-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Wena şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdmuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Awstriýa Respublikasynyň “Society” atly guramasy bilen bilelikde gurnaldy.
Tanyşdyrylyş dabarasyna Wena şäherinde ýerleşýän halkara guramalarynyň we diplomatik wekilhanalaryň hem-de köpçülileýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygynyň öňüsyrasynda neşir edilen täze kitaby türkmenistanlylara ajaýyp sowgat bolmak bilen, ýurtlaryň we halklaryň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, dostlugy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmak pikirini özünde jemleýändigini bellediler. Onlarça döwletleri söwda, maglumat we medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluna türkmen halkynyň taryhy we ruhy mirasy çarçuwasynda garalýar.
Şeýle hem, tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň ylmy we tejribe babatdaky ähmiýetini nygtadylar. Döwlet Baştutanymyzyň täze eseri halkymyzyň taryhy ýoluna anyk baha bermäge, onuň milli medeniýetiniň özboluşlylygy, däp-dessurlary we durmuş ulgamy bilen tanyşmaga, gadymy türkmen halkynyň dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni ösüşine goşan goşandyna has aýdyňlygy bilen göz ýetirmäge mümkinçilik berýär diýip,çykyş edenler bellediler.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda myhmanlar agşamlyk kabul edilişigine türkmen milli tagamlaryny dadyp görmäge çagyryldy.