icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

04 oktýabr 2024

171

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly türkmen-argentin syýasy geňeşmeleri geçirildi

2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde Türkmenistan bilen Argentina Respublikasynyň arasyndaky üçünji syýasy geňeşmeleri geçirildi.

Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha berdiler we söwda, ykdysadyýet, bilim, medeniýet we syýahatçylyk ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasy ýaly halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar we özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öwrenmek üçin açyk gepleşikleri geçirmäge meýillidiklerini mälim etdiler.

Şeýle-de geňeşmeleriň dowamynda taraplar medeni alyşmalar meselelerini, şol sanda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin bilelikdäki çäreleri we maksatnamalary guramak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy indiki syýasy geňeşmeleri geçirmegi, şeýle hem 2025-nji ýylda Aşgabatda Türkmen-argentin işewürlik forumyny gurmagy teklip etdi. Şol bir wagtyň özünde iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek teklip edildi.

Ýokarda beýan edilen teklipler argentin tarapynyň oňyn seslenmesine eýe boldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi