icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 oktýabr 2024

120

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan bu wekilçilikli foruma gatnaşandygy üçin rus Liderine minnetdarlyk bildirdi we ony «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglanylmagy mynasybetli gutlady.

Dostlukly döwletiň Baştutany ýokary sylag üçin hoşallyk bildirip, iri halkara forumyň ýokary guramaçylygyny hem-de ýurdumyzyň Hökümetiniň beýik akyldar Magtymgulynyň taglymlaryna eýermek bilen, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek, köpugurly halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmak ugrunda tagalla edýändigini belledi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gatnaşyklaryň ösüşiniň okgunly häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Iň ýokary derejedäki we iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli hyzmatdaşlyk, parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi bu ösüşlere uly itergi berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Prezident Wladimir Putiniň bu foruma gatnaşmagy Russiýa Federasiýasynda Magtymgulynyň döredijiligine uly hormat goýulýandygyny subut edýär. Mälim bolşy ýaly, Moskwada, Astrahan oblastynda, Stawropol ülkesinde görnükli şahyryň ýadygärlikleri oturdyldy. Şeýle-de Astrahan oblastynda Magtymguly adyndaky orta mekdep guruldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýdyp, iki ýurtda özara Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilýändigini, bu çäreleriň doganlyk halklaryň has-da ýakynlaşmagyna goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan diňe bir Russiýanyň medeniýetine däl, eýsem, rus dilini we edebiýatyny öwrenmäge-de uly üns berýär. Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň açylmagy bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli bilim edaralarynda rus dili öwredilýär. Türkmen talyplarynyň on müňlerçesi Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.

Umumy pikire görä, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus topary tarapyndan utgaşdyrylýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek köpugurly türkmen-rus dialogynyň gün tertibinde möhüm orny eýeleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösmegine we pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Wladimir Putine minnetdarlyk bildirip, Russiýanyň Baştutanyna berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Russiýa Federasiýasynyň halkyna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi