icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 oktýabr 2024

116

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm ähmiýetli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy.

Myhman türkmen halkynyň Milli Liderine duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýubileýiniň bellenilýän günlerinde Türkmenistanda bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Neda Berger Arkadag şäherinde VI Wena balynyň üstünlikli geçirilendigini we bu möhüm çäräniň beýik akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenýän ýylda geçirilmeginiň wajyp ähmiýetini belledi. Myhman sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde guralan Wena balyny üstünlikli geçirmäge beren ýardamy üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, medeniýet, sungat, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ugurlary boýunça ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmakda onuň alyp barýan işlerine ýokary baha berip, iki ýurdyň has-da ýakynlaşmagy, dostluk we hyzmatdaşlyk köprülerini berkitmek ugrunda tagallalary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistana şu gezekki saparyň hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirildi.

Duşuşygyň barşynda medeniýet ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň wajyp ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň alyp barýan döredijilikli işiniň medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýandygyny hem-de iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyna ýardam berýändigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Bergere berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi