icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 oktýabr 2024

109

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda arasynda gepleşikler geçirildi

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri belent mertebeli myhmany mübärekläp we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Gyrgyzystanyň Baştutanyny «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanylmagy mynasybetli gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, şu günki duşuşyk döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşmaga, sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilikleri döredýär.

Prezident Sadyr Žaparow bildirilen myhmansöýerlik we gutlaglar üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistan bilen erk-islege, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge Gyrgyzystanda uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Ol möhüm ähmiýetli foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň gyrgyz dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysyny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna sowgat berdi. Bellenilişi ýaly, bu kitabyň çapdan çykmagy doganlyk ýurduň medeni durmuşynda möhüm waka boldy.

Duşuşygyň barşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde birek-biregi özara goldap, netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Hökümetara toparynyň işine uly ähmiýet berilýär.

Energetika we ulag ýaly strategik ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge-de uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde oba hojalygy pudagynda, senagat toplumynda, hususy ugur boýunça türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygy üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Iki halky birleşdirýän ruhy-medeni mirasyň, ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy ynsanperwer ugurda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin berk binýat bolup durýar. Söhbetdeşler dostlukly ýurtlarda birek-biregiň Medeniýet günlerini, beýleki döredijilik çärelerini guramak, ylym-bilim we sport ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, bilelikdäki işleriň dowam etdiriljekdigini tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Sadyr Žaparow Türkmenistanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege berk jan saglyk, üstünlik, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi