2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde Aşgabada gelen Mongoliýanyň Daşary işler ministri hanym Batseseg Batmunhiýn bilen duşuşyk geçirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar bu saparyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-mongol gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi nukdaýnazaryndan ähmiýetini bellediler.
Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada pikir alyşdylar.
Şeýle-de Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň ýolbaşçylygyndaky Mongoliýanyň wekiliýetiniň düýn Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyna gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi.