icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 oktýabr 2024

426

Aşgabatda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda paýtagtymyzda Türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Munuň özi Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda söwda-ykdysady, saglygy goraýyş, ulag-logistika, oba hojalygy, gaýtadan işleýän senagat ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen möhüm çäredir.

Foruma iki ýurduň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, iki tarapdan hususy kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Häzirki döwürde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginde obasenagat toplumyna möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şunda pudagyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyna, oňa täzeçil tehnologiýalaryň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär.

Işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi bilen bir hatarda, özara tejribe alşylmagynyň wajypdygyna-da üns çekildi. Mongoliýanyň işewür düzümleriniň wekilleri iki ýurduň hususyýetçileriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ähmiýetini nygtadylar.

Ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Myhmanlar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli iş alyp barmaklaryna gönükdirilen ygtybarly kanunçylyk binýadynyň oňyn täsirine ünsi çekdiler.

Häzirki döwürde daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegine we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýerli önümleriň möçberini artdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Foruma gatnaşyjylar ýokary tehnologiýalary we öňdebaryjy usullary özleşdirmek üçin özara tejribe alyşmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Taraplar şu gezekki forumyň türkmen-mongol ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi