icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 oktýabr 2024

525

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon söhbetdeşligi

2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, hususan-da, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Ilki bilen dostlukly ýurduň Baştutany Gündogaryň beýik akyldary Magtymgulynyň ýubileýi mynasybetli geçirilen ýokary wekilçilikli foruma gatnaşmak barada iberen çakylygy hem-de bu şanly sene mynasybetli döredilen ýubileý medaly bilen sylaglanandygy üçin türkmen halkynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna we Prezident Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy hem-de hormatly Prezidentimize mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini türkmen halkynyň Milli Liderine haýyş etdi.

Özbegistanda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýokary baha berilýär diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew belledi hem-de Aşgabatda geçirilen halkara maslahatyň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özbek Liderine beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli  geçirilen halkara foruma gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanmagy bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri forumyň çäklerinde Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny  belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa we oba hojalyk ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklaryna bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi