2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda, Aşgabatda, Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň binasynda şol bir wagtda iki sany özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalara gol çekildi, şol sanda:
Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komiteti we “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetara dolandyrmak (MASSSD)” sebitleýin taslamasy tarapyndan wekilçilik edýän Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda, we şeýle hem
Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komiteti we Merkezi Aziýada Sebitleýin ekologiki merkeziniň arasynda.
Bu çäre Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda resmi ýagdaýda geçirildi.
Ähtnamalaryň esasy maksady Merkezi Aziýada suw boýunça hyzmatdaşlygy berkitmekde, Aral deňziniň sebitinde durmuş-ykdysady we ekologiki ýagdaý amatlyklaryny gowylandyrmakda goldaw bermek we şeýle-de tehniki ýardam bermek bolup durýar.
Ähtnamalara gol çekilenden soň taraplar bu resminamalaryň sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmekde we giňeltmekde goşmaça itergi boljakdygyna öz ynamlaryny bildirdiler, bu hem öz gezeginde Aral deňziniň sebitiniň ýaşaýjylarynyň bähbidi üçin hyzmat eder.