2024-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ruben Harazýan bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi dogrusynda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn türkmen-ermeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin Ilçä sagbolsun aýtdy we geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Öz gezeginde Ilçi Türkmenistanda diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde berilen hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.