icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 noýabr 2024

742

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň baş sekretary bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen iş sapary bilen gelen Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) baş sekretary Umberto de Prettonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar şu gün Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli öz işine başlan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» (ITTC-2024) atly iki günlük halkara maslahatyň we serginiň ähmiýetini bellediler.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köpýyllyk oňyn tejribesine, şol sanda üstaşyr gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we ýük akymlaryny çaltlaşdyrmak mehanizmlerini ornaşdyrmak boýunça toplanan tejribä ünsi çekdiler.

Türkmenistanyň durnukly ulag ulgamlaryny, logistika özara arabaglanyşygyny ösdürmäge, ählumumy ykdysady proseslerine laýyklykda ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny döretmäge goşýan goşandy aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda durnukly ulag ulgamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň alty sany Kararnamasynyň kabul edilendigi bellenildi.

Mundan başga-da, söhbetdeşler BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda, hususan-da BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda (SPECA) Türkmenistanyň geljek ýyldaky başlyklygynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar köptaraplaýyn formatlaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, şol sanda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny ösdürmek barada ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi