2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todty kabul etdi.
Žan Todt 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça ýurdumyza gelendigini hem-de saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri bilen geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, 2016-njy ýylda paýtagtymyzda guralan Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahata gatnaşandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Žan Todty mähirli mübärekläp, BMG-niň Baş sekretaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara foruma işjeň gatnaşýandygy üçin myhmana minnetdarlyk bildirdi. Prezident bu halkara maslahatda Türkmenistan bilen BMG-niň Ýol howpsuzlygy boýunça edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny hem-de geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörejekdigine ynam bildirdi.
Jenap Žan Todt Türkmenistanyň durnukly ulag ulgamyny we ýol howpsuzlygyny üpjün etmek babatda durmuşa geçirýän işleriniň nusgalyk häsiýete eýedigini belläp, ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek barada kabul eden Kararnamasynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz bilen BMG-niň Ýol howpsuzlygy boýunça edarasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Türkmenistanda her ýyl «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly çäräniň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny berkitmek maksady bilen, milli kadalaşdyryjy hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär.
Şeýle hem 2022-nji ýylda Durnukly ulagyň dostlary topary döredildi. Topar durnukly ulag ulgamynda köptaraplaýyn dialogy ösdürmäge ýardam berýär.
«Häzirki wagtda ýurdumyzda awtomobil sportuny ösdürmäge hem uly üns berilýär. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türgenleriň ussatlygyny artdyrmak üçin degişli işler geçirilýär» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.
Olaryň halkara ýaryşlara gatnaşmagy bilen bagly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygy, munuň bolsa türkmen türgenleriniň halkara derejede ýokary netijeleri gazanmaklaryna giň ýol açýandygy bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todt birek-birege berk jan saglyk we rowaçlyk arzuw etdiler.