2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde “Merkezi Aziýa - Hytaý” görnüşindäki Daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanan döwletara dialogyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çalt depginde ösmegine iň ýokary, hökümet we pudagara derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklar ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda taraplar ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu duşuşygyň ählitaraplaýyn strategiki häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý dostluk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşmak üçin amatly mümkinçilik bolandygy bellenildi. Ministrler türkmen-hytaý hökümetara hyzmatdaşlyk toparynyň döwletara gatnaşyklaryň netijeli guralydygyny nygtadylar.
Şeýle hem diplomatlar halkara we sebitleýin düzümleriň çäginde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky köptaraplaýyn dialogyň netijeliligini bellediler. “Merkezi Aziýa - Hytaý” formatynyň netijeliligi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar 2025-nji ýylda Astana şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa - Hytaý” döwlet Baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary söwda-ykdysady ugurda netijeli hyzmatdaşlygy bellediler, energetika, ulag-aragatnaşyk özara arabaglanyşygy, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň gidişini seljerdiler.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.