icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

05 dekabr 2024

637

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy.

Hajy Arkadagymyz gadymdan gelýän däp-dessurlara eýerip, saparyny Mekge şäherine baryp, mukaddes Käbä zyýarat etmekden başlady.

Hajy Arkadagymyz bu ýerde iki rekagat namaz okap, halkymyzyň abadan durmuşy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda ösüşiň hem-de rowaçlyklaryň belent sepgitlerine ýetilmegi üçin doga-dileg etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mekge şäherinden sammitiň geçirilýän ýerine – Er-Riýad şäherine tarap ugrady.

Howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Saud Arabystany Patyşalygynyň resmi adamlary garşyladylar. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň Saud Arabystany Patyşalygynyň resmi wekili bilen söhbetdeşligi boldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Şunda Türkmenistanyň Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Saud Arabystany bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyz “Bitewi suw” sammitiniň ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamaga mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirip, iki dostlukly ýurduň BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sammitiň geçirilýän ýerine – “The Ritz-Carlton” myhmanhanasyna geldi.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud, Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Bütindünýä bankynyň başlygy Ajaý Banga garşylady.

Döwlet hem-de Hökümet Baştutanlaryny, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini bir ýere jemlän sammitiň gün tertibine suw ýetmezçiligi we gurakçylyk sebäpli ýüze çykýan ekologiýa meselelerini çözmek üçin köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Sammitiň öňüsyrasynda wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasy boldy.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud sammiti açyp, oňa gatnaşyjylary mähirli mübärekledi hem-de şu gezekki duşuşygyň suw serişdeleriniň ählumumy dolandyrylmagyny kämilleşdirmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň alyp barýan işine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda ilki bilen, Fransiýanyň, Gazagystanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Hökümetlerine ählumumy gün tertibinde duran birnäçe möhüm meseleleri çözmäge ýardam etjek bu foruma gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde suw meselesi boýunça özara hyzmatdaşlygyň umumydünýä işleriniň möhüm bölegi bolup durýandygyny we onuň köp babatda Ýer ýüzünde durnuklylygy, ösüşi we abadançylygy üpjün etmekde mümkinçilikleri kesgitleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, suwuň, sözüň doly manysynda, suw serişdeleriniň deň we adalatly ulanylmagy diňe bir syýasy-hukuk taýdan däl-de, eýsem, häzirki we geljek nesilleriň öňünde ahlak taýdan jogapkärçilik babatda hem aýgytly şert bolup çykyş edýär.

Gahryman Arkadagymyz suwy ulanmaga halklaryň, her bir adamyň tebigy hukugynyň bardygyny Türkmenistanyň hemişe berk we üýtgewsiz ykrar edýändigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Merkezi Aziýada suw meselesiniň ähli toplumyna seredilende şu üç möhüm kadadan: halkara hukugyň berjaý edilmeginden, özara bähbitleriň hasaba alynmagyndan, bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çekilmeginden ugur almalydygyna ynanýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda bu guramanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak boýunça ştab-kwartirasy Aşgabatda bolan sebit geňeşini döretmek başlangyjyna seretmegi teklip edendigi, şeýle hem Amyderýa we Syrderýa boýunça BMG-nyň konwensiýalaryny kabul etmegi çaltlandyrmagy öňe sürendigi bellenildi.

Bu geňeş Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, suw hojalygyny dolandyrmagy utgaşdyrar. Sebitiň pudaklaýyn düzümleriniň arkalaşykly işlemegini gurar, suwdan peýdalanmagyň hukuk esaslaryny işläp taýýarlar. Biz Türkmenistanyň bu başlangyjynyň öz wagtynda öňe sürlendigine ynanýarys hem-de ol amala aşyrylanda, ýakyn geljekde sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda ösüşi üpjün etmäge ukyplydyr diýip hasap edýäris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýan Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň esasy düzgünlerini iş ýüzünde ýerine ýetirmäge uly üns berýär. Şolaryň hatarynda altynjy maksady, ýagny arassa suwa deň elýeterliligi üpjün etmegi biz milli taýdan ileri tutulýan wezipe diýip hasap edýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Ýurdumyzda bu maksady durmuşa geçirmek üçin täze suw desgalaryny gurmak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin niýetlenen ulgamlary ösdürmek işleriniň yzygiderli esasda alnyp barylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, halkara standartlar we iň gowy tejribeler esasynda gidrotehniki desgalaryň işlemegi üçin birnäçe ýörite maksatnamalaryň kabul edilendigine üns çekildi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň suw serişdelerini dolandyrmagyň netijeli we durnukly ulgamyny döretmek üçin dünýä bileleşiginiň öz tagallalaryny birleşdirmäge ukyplydygyna ynanýandygyny belläp, munuň üçin sebit hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegiň, ylmy barlaglary işjeň alyp barmagyň, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyz ýakyn wagtda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň işläp başlajakdygyny aýdyp, Türkmenistanyň Hökümetiniň bu täze düzüme öz wezipelerini we maksatlaryny netijeli amala aşyrmak üçin doly ýardam berjekdigini hem-de iň amatly şertleri döretjekdigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň suw meselesi boýunça Birleşen Milletler Guramasy we beýleki ýöriteleşdirilen halkara düzümler, goňşy ýurtlar hem-de hyzmatdaşlar bilen aýdyňlyk we adalatlylyk, özara jogapkärçilik, bähbitleri hasaba almak esasynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýýardygyny tassyklady.

Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe, Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona, Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda häzirki döwürde örän möhüm ähmiýete eýe bolan meselelerde başlangyçly çykyş edýändikleri üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň “Bitewi suw” sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň ählumumy meseleleri çözmekde halkara bileleşigiň tagallalaryna öz goşandyny goşmaga ygrarlydygyny we bu ugurda başlangyçly çykyş edýändigini ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen görkezdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny tamamlap, Watanymyza ugrady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi