2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly täze eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň DIM-iň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda kitabyň çapdan çykmagynyň ähmiýetini bellemek bilen, täze eserde Altyndepe, Marguş, Seljuklar we Horezmşalar döwletlerinde ýakyn goňşylary bilen syýasy we söwda gatnaşyklarynyň bolandygy barada ylmy maglumatlaryň berilýändigini nygtady. Olardan görnüşi ýaly, türkmenler gadymy döwürlerden bäri parahatçylyk ýörelgelerine eýeripdirler we öňüni alyş diplomatiýasyny netijeli ulanypdyrlar.
Nygtalyşy ýaly, kitap daşary ýurtly okyjylary türkmen halkynyň geçmişi, ahlak gymmatlyklary, türkmenlerde ylmyň, bilimiň we medeniýetiň döreýşi, şeýle-de Oguz han döwründen miras galan parahatçylyk söýüjilik, döredijilik ýörelgeleri barada gyzykly maglumatlar bilen tanyşdyrmaga ýardam berer.
Şeýle-de maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirok, Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahsan Ali Wagan, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurlan Nogaýew, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nazarguly Şagulyýew çykyş etdiler.
Maslahatda edilen çykyşlarda “Hakyda göwheri” atly kitabyň “Girişden” we iki bapdan ybarat bolup, onuň “Taryha syýahat” atly birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda gürrüň berilýändigi bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bular baradaky garaýyşlaryny we pikirlerini şu babyň bäş bölüminiň üsti bilen täsirli beýan edipdir. Alty bölümden ybarat bolan “Ruhy miras” babynda bolsa milli mirasymyzy emele getirýän ruhy-medeni gymmatlyklaryň köpöwüşginliligine üns çekilýär.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy döredijilik gözlegleri barada aýdyp, bu täze kitaby döretmekde mundan ozal ýazan we giň okyjylar köpçüligine ýetirilen eserlerini, şeýle hem Watanymyzyň at-abraýy üçin ähli tagallalaryny gaýgyrman işleýän arheologlarymyzyň täze taryhy tapyndylar esasynda toplan maglumatlaryny, daşary ýurtlardan getirilen golýazmalar esasynda pikir ýöredip boljak täzeçe taryhy garaýyşlary peýdalanandygyny beýan edýär.
Institutyň foýesinde guralan sergide amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalary görkezildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.