2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýesper Wardan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak işinde oňa üstünlikleri arzuw etdi.
Hoşniýetli arzuwlar we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Daniýa Patyşalygynyň Ilçisi ýurdunyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.
Ilçä okgunly durmuş-ykdysady ösüşi, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýän düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi babatda Mejlisiň alyp barýan işi barada gürrüň berildi. Türkmenistanyň demokratik institutlaryň ösdürilmegine, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine, onuň umumy kabul edilen halkara hukuk kadalaryna laýyk getirilmegine aýratyn üns berýändigi bellenildi.
Söhbetdeşligiň barşynda Daniýa Patyşalygynyň Ilçisi ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda parlament derejesinde, iri halkara guramalaryň ugry boýunça, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasyndaky dialogyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine ýokary baha berdi.
Duşuşygyň ahyrynda Ilçi Ýesper War Daniýa bilen Türkmenistanyň bähbitlerine laýyk gelýän hoşniýetli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek babatda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.