2024-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiçiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda HGHK-nyň sebitiň çäklerinde, hususan-da, Türkmenistanda häzirki wagtda alyp barýan işlerine gysgaça syn berildi.
Halkara ynsanperwer hukugyny ilerletmek we milli kanunçylyga ornaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk babatyndaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşler HGHK-nyň milli hyzmatdaşlarynyň halkara ynsanperwer hukugy ugrundaky mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga we artdyrmaga gönükdirilen çäreleriniň ähmiýetini nygtadylar.
Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen HGHK-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýyl üçin meýilnamalaryna seretdiler. Hususan-da, HGHK tarapyndan Türkmenistanyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri üçin halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça okuw kurslarynyň we sapaklarynyň geçirilmeginiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.