2024-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Arsen Awagýany kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, diplomat Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň we Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Pursatdan peýdalanyp, A.Awagýan Türkmenistanyň Prezidentini ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen ýürekden gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça yzygiderli ösdürilýän türkmen-ermeni dialogyny mundan beýläk-de berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we diplomat giň ugurlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hem-de Ermenistan Respublikasy syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýe bolup, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça özara düşünişmegiň ýokary derejesini görkezýärler.
Söwda ulgamynda, ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek, eksport-import amallarynyň görnüşlerini giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri gözlemek hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz hem-de Ermenistan Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşygyň ahyrynda diplomat mähirli kabul edilendigi hem-de türkmen-ermeni gatnaşyklary baradaky meselelere uly üns berýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, däp bolan özara gatnaşyklaryň geljekde-de işjeň ösdürilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.