2024-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystana iş saparyny amala aşyrdy.
Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky Owganystanyň wekilleri Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýany bilen gitdiler.
Saparyň maksady Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri göwrümli energetika, ulag we infrastruktura halkara taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen tanyşmakdan ybaratdyr.
Iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm tapgyr bolan Owganystanyň çägindäki Serhetabat-Hyrat böleginde gurluşyk işleriniň gidişi bilen tanyşdy.
Şeýle hem, wekiliýet «Arkadagyň ak ýoly» atly optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisini we Turgundy demir ýol bekediniň gury portunda ammarlar toplumyny hem-de Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy-Sanabar bölegini gurmak boýunça alnyp barylýan işleri synlady.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Owganystanyň çägindäki bu taslamalara badalga berildi.