2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi.
Forumda türkmen tarapyna Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýew ýolbaşçylyk etdi. ABŞ-niň wekiliýetine «Türkmenistan – ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart ýolbaşçylyk etdi.
Foruma wekilçilik eden ABŞ-niň kompaniýalarynyň arasynda «Case New Holland», «Climate Compass», «Boeing», «John Deere», «Nicklaus Companies», «Westport Trading Europe» we beýlekiler bar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we ýakyn geljek üçin maksatlary kesgitlediler.
«Türkmenistan-ABŞ» işewürler geňeşiniň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu geňeş tarapyndan türkmen hyzmatdaşlar bilen bilelikde yzygiderli guralýan işewürlik duşuşyklarynyň, forumlaryň we sergileriň netijeli häsiýeti bellenildi.
Senagat ulgamynda, oba hojalygynda, suw hojalygy üçin tehnikalary ibermekde söwda-maýa goýum işleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ýangyç-energetika toplumyny, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, innowasion tehnologiýalar, saglygy goraýyş, ekologiýa ulgamlaryny ösdürmegiň hem uly geljegi bar.
Amerikan kompaniýalary hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Şeýle hem Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda haryt dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri we ýokary tehnologiýalar babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarmak barada pikir alyşdylar.
Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy kärhanalarynyň wekilleriniň amerikan işewürleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.