2024-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň çäginde Malaýziýanyň Hökümet binasynda — Perdana Putrada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Malaýziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini mähirli mübärekläp, Malaýziýa resmi sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirdi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime iberen salamyny ýetirdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan we öz adyndan Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Onuň Alyjenaby Sultan Ibrahime salamyny hem-de çuňňur hormatyny beýan etdi.
Duşuşykda bellenilşi ýaly ýutlar iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistan Malaýziýa bilen bilelikde halkara işlerde deňhukuklylyk we adalatlylyk, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ugrunda çykyş edýärler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň bitarap daşary syýasat ugruny, Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygy üçin malaý tarapyna minnetdarlygyny bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar netijeli syýasy dialogy mundan beýläk-de giňeltmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky pikirlerini beýan edip, döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýan hem-de Türkmenistanyň we Malaýziýanyň halklarynyň arasynda dostlugy pugtalandyrmaga ýardam berýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň möhümdigini nygtadylar. Şeýle-de taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara syýasatyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Premýer-ministr Anwar Ibrahim belent mertebeli myhmany hem-de ýurdumyzyň wekiliýetini mähirli mübärekläp, Malaýziýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa öz adyndan hem-de Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Onuň Alyjenaby Sultan Ibrahimiň adyndan salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Premýer-ministr Gahryman Arkadagymyzyň 2016-njy ýylda Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň netijeleriniň uly ähmiýetini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki saparyň hem ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýändigi nygtaldy.
Premýer-ministr nebitgaz pudagyndaky özara gatnaşyklaryň meselelerine ünsi çekip, Türkmenistanda «Petronas» döwlet nebitgaz kompaniýasynyň netijeli işlemegi üçin amatly şertleriň döredilýändigini belledi we munuň üçin kompaniýanyň hem-de öz wekilçilik edýän ýurdunyň adyndan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Bellenilşi ýaly, medeni-ynsanperwer ulgam Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hataryndadyr. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragnyň şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedowa söz berildi.
Döwlet Baştutanymyz Malaýziýa sapar bilen gelmäge çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirip, ýurdumyz bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýändigini, şu ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanandygyny we ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadynyň döredilendigini belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýokary döwlet derejesinde birnäçe özara saparlaryň guralandygyny nygtap, häzirki wagtda alnyp barylýan ýakyn gatnaşyklaryň hem-de şu gezekki saparyň hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjekdigine, ony hil taýdan täze derejelere çykarjakdygyna ynam bildirdi.
Şunuň bilen baglylykda, Tükmenistanyň döwlet Baştutany ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek üçin ugurlary kesgitlemegi teklip etdi.
Döwlet Baştutanymyz türkmen-malaý parlament hyzmatdaşlygyna möhüm orun degişlidigini nygtady. Şu nukdaýnazardan, parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeň alnyp barylmagy, kanun çykaryjylaryň iki ýurtda geçirilýän iri halkara forumlara gatnaşmagynyň meýilnamasynyň düzülmegi teklip edildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, yzygiderli syýasy geňeşmeleri ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-malaý gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalygy, dokma senagaty, energetika we ulag pudaklary ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň meselelerine jikme-jik seretmek teklip edildi. Şunuň bilen birlikde, Prezident Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklary ulgamlaýyn ösdürmek üçin Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-malaý hökümetara toparyny döretmegi teklip etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine-de uly ähmiýet berýändigini, iki döwletiň hem-de olaryň halklarynyň arasynda, medeniýet, sungat ussatlarynyň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda Medeniýet günleriniň, halkara festiwallaryň, sergileriň geçirilmegini goldaýandygyny aýtdy.
Türkmen raýatlarynyň Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga gyzyklanmasy artýar. Häzirki wagtda Malaýziýada Türkmenistandan 300-e golaý talyp okaýar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de Aşgabady we Kuala-Lumpury birleşdirýän howa gatnawlarynyň gaýtadan ýola goýulmagynyň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berýändigini belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow 2028-nji ýylda Malaýziýanyň Sarawak ştatynda Bütindünýä suw kongresini hem-de sergisini geçirmek baradaky çözgüdiň Malaýziýanyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlarynyň möhümdigini ýene-de bir gezek tassyklaýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň ýokary derejede geçiriljek şu forumyň işine ýakyndan gatnaşjakdygyny nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, malaý tarapyna bu iri çäreleri geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow geçirilen netijeli gepleşikler, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky dostlugy, özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy üçin Premýer-ministr Anwar Ibrahime ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Malaýziýanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Premýer-ministr Anwar Ibrahim çykyşy we konstruktiw teklipler üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, syýasy-diplomatik, maliýe, oba hojalygy, medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm orun eýeleýändigini belledi.
Kuala-Lumpur bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýetiň berilýändigi bellenildi. Türkmenistanda “ýaşyl” we “akylly” şäheri gurmak boýunça başlangyçlary durmuşa geçirýärsiňiz, bu ugurda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrýarsyňyz diýip, Anwar Ibrahim belledi we bu babatda gazanylýan üstünlikler bilen Prezident Serdar Berdimuhamedowy tüýs ýürekden gutlady.
Premýer-ministr Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde öňe sürýän halkara başlangyçlaryna ünsi çekip, ýurdumyzyň bu ugurda toplan tejribesiniň Malaýziýa üçin hem wajypdygyny belledi.
Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasynda göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy netijesinde syýahatçylyk pudagynda uly ösüşler gazanylýar. Şunuň bilen baglylykda, syýahatçylyk üçin dürli ýeňillikleri girizmäge taýýarlyk beýan edildi.
Premýer-ministr Anwar Ibrahim Prezident Serdar Berdimuhamedowyň energetika, ulag, tehnologiýalar ulgamlaryny hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezendigini aýdyp, Malaýziýanyň bu ugurdaky taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa – ASEAN” formatyny döretmek başlangyjynyň goldaýandygy we bu formatyň çäklerinde hyzmatdaşlyga taýýarlyk beýan etdi.
Çykyşynyň ahyrynda Anwar Ibrahim Türkmenistanyň daşary syýasatda Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýändigini we Malaýziýanyň bu syýasaty goldaýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň halkara giňişlikde gazanan üstünlikleri bilen gutlady.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy boldy.
Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz we Malaýziýanyň Hökümetiniň Baştutany metbugat wekillerine ýüzlendiler.
Günüň ikinji ýarymynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Petronas» binasyna bardy hem-de bu ýerde kompaniýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.