2017-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Aşgabatda Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Ahmet Ýyldyzyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda halkara we sebitleýin meseleleri, şeýle hem häzirkizamanyň howplaryna we wehimlerine garşy bilelikdäki işleri güýçlendirmek meseleleri boýunça önjeýli pikir alyşmalar geçirildi. Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýollar bilen düzgünleşdirmek işinde bilelikdäki tagallalary birleşdirmegiň mümkinçilikleri gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň esasy meselesi boldy. RECCA VII-niň çäklerinde önjeýli hyzmatdaşlyga ynam bildirip, taraplar sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek işinde Türkmenistanyň ornuny bellediler.
Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, taraplar ýokary derejeli saparlaryň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Ykdysadyýet we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösüşine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirildi.