icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

25 dekabr 2024

193

Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň hytaý dilindäki ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň hytaý dilindäki ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyryş dabarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Parahat Durdyýew, şeýle hem institutyň mugallymlary çykyş  etdiler. Şeýle-de çäräniň barşynda Hytaýyň ylmy we jemgyýetçilik işgärleriniň wideoaragatnaşyk arkaly çykyşlary diňlenildi.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden HHR-yň Türkmenistandaky Ilçisi Sýan Naýçen täze neşiriň türkmen-hytaý medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky ähmiýetini nygtady.

Bellenilişi ýaly, beýik şahyryň saýlanan eserleriniň hytaý diline terjime edilmegi Hytaýyň ägirt uly okyjylar köpçüligine baý we köpugurly şahyrana mirasynda türkmen halkynyň durmuş filosofiýasy, parasatly däp-dessurlary, ýokary ruhy-adamkärçilik gymmatlyklary, berkarar, gülläp ösýän döwlet hakyndaky arzuwlary beýan edilýän görnükli şahyryň döredijiligi bilen has ýakyndan tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döretdi.

Dabara gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, ýüzýyllyklaryň geçendigine garamazdan, Magtymgulynyň eserleri täze röwüşde ýaňlanýar we Türkmenistanyň çäklerinden has uzaklarda-da barha meşhurlyga eýe bolýar. Akyldar şahyryň goşgulary Watana söýginiň, ynsanperwerligiň, parahatçylygyň, dost-doganlygyň, raýdaşlygyň, dürli medeniýetleriň we halklaryň arasynda özara ynanyşmagyň, hormat goýmagyň çagyryşy bolup çykyş edýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda çärä gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň täze joşgunda, belent ruhda ýaňlanýan şygryýetiniň häzirki döwürde dünýäniň halklary bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ýaly türkmen halkynyň asylly ýörelgeleriniň waspçysyna öwrülendigini tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi